Alymlar indi-indi parasetamolyň nähili işleýändigini anykladylar

  • 16.06.2025 13:28
  • 10k+

Parasetamol dünýäde iň köp ulanylýan agyryny aýryjy dermanlaryň biridir. Ony kellagyryda, gyzgyn galanda we beýleki agyrylarda ulanýarlar. Bu derman ilkinji gezek 1878-nji ýylda sintez edildi, ýöne alymlar onuň nähili işleýändigine indi doly düşünip bildiler diýip, IFL Science habar berýär.

Kliniki synaglar wagtynda dermanyň howpsuzlygy we netijeliligi barlanýar, ýöne takyk täsir ediş mehanizmine düşünmek has soňrak belli bolup biler. Parasetamol bilen hem şeýle boldy. Ondan öň ol, esasan, beýnä we oňurga ýiligine täsir edýär diýip hasaplanýardy. Emma ysraýylly alymlar tarapyndan geçirilen täze barlag parasetamolyň periferiýa nerwlerine - agyry signallaryny ilkinji bolup kabul edýän nerwlere täsir edýändigini görkezdi.
Öňki barlaglar parasetamolyň agyryny ýeňilleşdiriji häsiýetleriniň esasy faktorynyň N-arahidonoilfenolamin (AM404) metabolitidigini görkezdi. Derman bedene düşende ilki bagyrda metabolizlenýär we ýag kislotalarynyň amid gidrolaza fermenti (FAAH) tarapyndan AM404-e öwrülýär. Indi alymlar bu metabolitiň nerw uçlarynda emele gelýändigini we agyry signallaryny merkezi nerw ulgamyna iberýän natriý kanallaryny petikleýändigini anykladylar.

"Biz ilkinji gezek AM404-iň beýniniň daşyndaky nerwlere göni täsir edýändigini görkezdik. Bu parasetamolyň agyrylara garşy nähili göreşýändigi baradaky düşünjämizi üýtgedýär" - diýip, barlagyň awtory Aleksandr Binştok mälim etdi.

Täze tapyndylar iň az zyýanly ýerli anestetikany goşmak bilen, has ygtybarly we has täsirli agyryny aýryjylary ösdürmäge kömek edip biler.


20.06.2026 12:08
6.8k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......