Kanadaly pensioner bir ýylda üç gezek lotereýada utup, takmynan, 2,5 million dollar aldy

  • 16.06.2025 13:38
  • 5k+

Kanadanyň Alberta welaýatyndan pensioner Dewid Serkin bir ýylda üç gezek lotereýada utup, jemi 2,5 million dollar gazandy. Bu barada The Guardian neşiri gürrüň berýär.

Serkin 1982-nji ýyldan bäri lotereýa oýnaýar. Günbatar Kanada Lotereýa Korporasiýasynyň habaryna görä, ol geçen ýylyň 20-nji awgustynda 500 müň dollar, 16-njy noýabrda 1 million dollar we ýakynda, 3-nji maýda ýene 1 million dollar utdy.
Günbatar Kanada Lotereýa Korporasiýasy Serkiniň şol jekpotlaryň ilkinjisini gazanmak üçin mümkinçiliginiň, takmynan, 33,3 milliondan bir bolandygyny aýtdy.

"Ýeňmegiň ähtimallygynyň juda pesdigini bilýän, gaýtalanar öýdemok, men ýönebir petek satyn almakdan lezzet alýan" – diýip, şonda pensioner aýtdy.

Serkin soňky petegini ýangyç guýulýan beketde “Ýitirýän zadym barmy?” diýip tötänden satyn aldy.
NOW Toronto neşiri onuň mundan on ýyl gowrak ozal 250 000 dollar utandygyny belleýär.
Pensioneriň öz sözlerine görä, ol ýeňmek üçin däl-de, lezzet almak üçin oýnaýar. Ol bu prosesiniň özüni - petek satyn alyp, soňam barlamagy halaýar.
Serkin ozal rak keselinden ejir çekendigini we häzirki wagtda durmuşdan lezzet alýandygyny aýtdy. Ol bar zadyna şükür edýär we nesip eden şowlulygyň ýöne ýere däldigine ynanýar.
Öňki utuşlaryndan birinden soň, ol aýaly bilen Gawaý adalarynda dynç aldy. Indi är-aýal Nýufaundlende syýahat etmekçi. Dostlary we maşgalasy onuň bagtyçüwenligine ynanyp bilmeýärler.


18.04.2026 15:16
3.3k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....

18.03.2026 16:49
7.2k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

12.03.2026 23:05
8.7k+

Torontoda 10 gatly jaýyň beýikligindäki zäherli gar daglary emele geldi

«Kanadanyň Toronto şäherinde howply ekologik ýagdaý ýüze çykdy. Gyşyň dowamynda köçelerden çykarylan äpet gar topbagy daşky gurşawa zyýan ýetirmek howpuny salýar» diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Ýanwar aýynda şähere bir gije-gündiziň dowamynda takmynan 58 santimetr ýagyn düşüp, rekord derejedäki gar hasaba alyndy...