Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy

  • 17.06.2025 11:07
  • 11k+

17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda ikinji gezek geçirilýän sammite gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr diýip, TDH habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, şeýle görnüşdäki birinji sammit 2023-nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň sammitde çykyş etmek bilen, tagallalary utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürendigini bellemek gerek.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......