Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-slowen syýasy geňeşmeleri geçirildi

  • 17.06.2025 10:54
  • 1.5k+

16-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Sloweniýanyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marko Ştusin bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibindäki meseleler, halkara guramalaryň çägindäki özara gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, slowen wekiliýetine Sloweniýanyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marko Ştusin ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda türkmen-slowen gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň möhüm meseleleriniň toplumy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm taraplary barada pikir alyşmalar geçirildi.
Şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde ünsi jemläp, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky özara ygrarlylyk tassyklanyldy.
Söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Bu babatda bilelikdäki iş üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Telekommunikasiýa, ulag, maşyn gurluşygy, derman, dokma we himiýa senagaty, innowasion tehnologiýalar, söwda we beýlekiler geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.


şu gün 16:02
688

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......