Jorj Rassell Kanadanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Antonelli ilkinji gezek münbere çykdy

  • 16.06.2025 14:13
  • 2.2k+

“Mersedes” toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell “Formula-1” dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Kanadanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş Monrealdaky Žil Wilnýow adyndaky awtodromda geçirildi.

Bu Rasselliň karýerasynda dördünji ýeňşi boldy. Mundan öň 2024-nji ýylda Las-Wegasyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy.
Ikinji orny “Red Bull” toparynyň niderlandly ýaryşa gatnaşyjysy Maks Werstappen eýeledi.
Üçünji bolup pellehana “Mersedesiň” ýene bir sürüjisi Kimi Antonelli geldi. 18 ýaşly italiýaly üçin bu karýerasynda ilkinji gezek münbere çykmagy boldy.
Ýaryşyň gutarmagyna üç aýlaw galanda “Maklarenden” Lando Norris öz topardaşy – awstraliýaly Oskar Piastri bilen göreşden soň heläkçilige uçrady.
“Formula-1-iň” indiki tapgyry – Awstriýanyň Gran-prisi 27 – 29-njy iýunda Şpilbergde geçiriler.


düýn 07:51
4k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

01.06.2026 17:02
6.7k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

21.05.2026 23:19
8.6k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......