Xiaomi kompaniýasy Xring O1 çibi we 12 160 mA/sag batareýasy bilen Pad 7S Pro planşetini anons etdi

  • 16.06.2025 18:04
  • 1.7k+

Xiaomi kompaniýasy Pad 7S Pro planşetiniň – Pad 7 Ultra flagman modeliniň kiçi wersiýasynyň tiz wagtdan çykjakdygyny tassyklady. Gizmochina-nyň habar bermegine görä, täze planşet uly modeliň birnäçe aýratynlyklaryna, şol sanda hususy Xring O1 çipsetine eýe bolar.

Pad 7S Pro inçe çarçuwaly we öwüşginsiz ýa-da ýalpyldawuk 12,5 dýuýmlyk LCD displeýi bilen üpjün ediler. Gurluşyň korpusy metal bolup, ýogynlygy 5,8 mm barabar. Planşet Xiaomi Pen stilusyny goldar we Apple-den Magic Keyboard-y ýada salýan trekpadly täze klawiatura bilen satylar.
12 160 mA/sag sygymly akkumulýator 120 Wt kuwwatly çalt zarýad alşy goldaýar. Programma platformasy hökmünde Android 15-iň esasynda HyperOS 2.0 ulanylýar. Ol PK-nyň mümkinçiliklerine ýakyn funksiýalary hödürleýär.
Pad 7S Pro-nyň öz aýratynlyklary we bahasy taýdan iPad Air-iň bäsdeşi bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de, planşetiň Xring O1 çibi arkaly awtomobil ulgamlary bilen birigip biljekdigi habar berilýär.
Tanyşdyrylyş ýakyn wagtda Redmi K80 Ultra smartfonynyň we Redmi K Pad oýun planşetiniň anonsy bilen bir wagtda geçip biler.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...