Robert Eggers ýazyjy Dikkensiň “Roždestwo aýdymynyň” esasynda gorkunç film taýýarlaýar

  • 16.06.2025 17:37
  • 2.1k+

Warner Bros. Çarlz Dikkensiň “Roždestwo aýdymy” (Рождественская песнь) powestiniň täze ekranlaşdyrmasynyň üstünde işläp başlady. Filmi döretmek bilen “Jadygöý” (Ведьма) we “Nosferatu” (Носферату) ýaly üstünlikli horrorlar bilen tanalýan Robert Eggers meşgullanar.

Resmi aktýorlar düzümi heniz tassyklanmadyk. Ýöne Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, baş keşbi – husyt Ebenezer Skrujy – Uillem Defo ýerine ýetirip biler.
“Roždestwo aýdymy” – bu Dikkensiň ençeme gezek ekrana geçirilen iň meşhur eserleriniň biri. Onuň esasynda Robert Zemekisiň düşürmeginde film, şeýle-de Raýan Reýnolds we Uill Ferrel bilen mýuzikl bar.
Sýužetiň merkezinde garry we husyt baý adam bolup, Roždestwonyň öňüsyrasynda onuň ýanyna üç ruh: geçmişiň, häziriň we geljegiň ruhlary gelýär. Olar bilen duşuşyk onuň durmuşa bolan garaýşyny üýtgedýär.


düýn 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....