Ronaldu Esports World Cup kibersport ýaryşynyň ilçisi boldy

  • 17.06.2025 00:00
  • 8.1k+

Kriştianu Ronaldu kibersport boýunça iň uly ýaryş bolan Esports World Cup (EWC) ýaryşynyň global ilçisi boldy. Bu barada ýaryşyň guramaçylary we futbolçynyň özi sosial toruna habar berdi.

«Men Esports World Cup-yň global ilçisi bolanyma diýseň buýsanýaryn we päsgelçilikleri ýeňip geçýän hem-de täze nesle ylham berýän kibersportçylar bilen bilelikde durýanyma guwanýaryn» — diýip, portugaliýaly futbolçy X sosial torunda ýazdy.

EWC-niň resmi hasaby hem Ronalduny garşy aldy we ony ähli döwürleriň iň beýik oýunçysy hökmünde atlandyrdy.
Esports World Cup 8-nji iýuldan 24-nji awgusta çenli aralykda geçiriler. Ýaryşda 25 dürli kibersport ugry boýunça bäsleşikler geçiriler. Jemi baýrak gaznasy bolsa 70 million dollar bolar.


şu gün 13:51
2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......