Gattuzo Italiýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

  • 16.06.2025 14:15
  • 3.4k+

Italiýanyň futbol federasiýasy (FIGC) resmi saýtynda Jennaro Gattuzonyň milli toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi.

47 ýaşly hünärmen 19-njy iýunda, penşenbe güni “Skuadra adzurranyň” tälimçisi hökmünde tanyşdyrylar.
Ozal KHBS Gattuzonyň ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen birýyllyk şertnama baglaşjakdygyny habar berdi.
5-nji iýunda Gattuzo Horwatiýanyň “Haýduka” toparynyň baş tälimçisi wezipesini terk etdi. Karýerasynyň dowamynda hünärmen “Marsel”, “Walensiýa”, “Napoli”, “Milan” ýaly toparlara ýolbaşçylyk etdi. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň iki oýnundan soň Italiýanyň milli ýygyndysy üç utuk gazanyp, üçünji orny eýeleýär.
Belläp geçsek, iýun aýynyň başynda Luçano Spalletti Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi.


şu gün 13:39
5.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
13k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......