Toyota Highlander-iň täze nesli Hytaýda işlenip taýýarlanar

  • 16.06.2025 18:35
  • 10k+

Toyota geljek ýyl Highlander krossoweriniň täze neslini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu model Hytaýda işlenip düzüler.  Sienna awtoulagynyň indiki wersiýasy hem HHR-de şuňa meňzeş görnüşde dörediler diýip, CarNewsChina habar berýär.

Highlander modeli bölekleýin elektrik hereketlendirijili ulaga öwrüler: adaty içinden ýandyrylýan ýangyç hereketlendirijisi yzygider-gibrid enjam bilen çalşyrylar. Häzirki platforma galar, ýöne ol döwrebaplaşdyrylar. Daşky we içerki görnüşleri hem köp babatda täzelener.
Toyota bar bolan hytaý hyzmatdaşlary GAC we FAW bilen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we täzeleri bilen gatnaşyk gurmak isleýär. Mümkin bolan täze hyzmatdaşlar hökmünde Momenta başlangyjy, Huawei we Xiaomi agzalýar.
Neşiriň berýän habaryna görä, täze strategiýa diňe bir modelleri täzelemegi däl, eýsem FAW bilen bilelikde täze modeli döretmegi hem göz öňünde tutýar. Ol Hongqi brendiniň platformasynda gurlar.
Şeýlelikde, Toyota Hytaý bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär. Bu Hytaý üçin diňe elektrik ulaglaryny öndürmek baradaky ozal yglan edilen meýilnamalaryň çäginden çykýar. Täze önümleriň Hytaýyň daşynda hödürlenjegi-hödürlenmejegi entek belli däl.


düýn 21:15
4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......