Audi benzin hereketlendirijili Q6 krossowerini gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Ol 2026-njy ýyla çenli Hytaýda çykar

  • 16.06.2025 13:45
  • 4.2k+

Audi kompaniýasy Hytaý bazary üçin Q6 krossoweriniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar. Ýewropanyň elektrikli Q6 e-tron-yndan tapawutlylykda, hytaý modeli benzin hereketlendirijisini alar we Volkswagen Golf-da we Audi A3-de hem ulanylýan uzaldylan MQB Evo platformasynda gurlar.

Täze awtoulag gaýtadan işlenen gapy tutawaçlary, üýtgedilen bamperleri, täze radiator paneli we iki ýarusly optikasy  bilen tapawutlanýar. Teker bazasy üýtgewsiz - 2980 mm-ligine galar we ikinji hatardaky ýolagçylaryň oturjak ýerini giňelder.
Içinde öňdäki ýolagçy üçin goşmaça displeý ýerleşdirilip bilner. Esasy hereketlendiriji 2,0 litrlik turbo görnüşli EA888 hereketlendirijisi bolar. Ol häzirlikçe elýeter bolan 2,5 litrlik VR6 hereketlendirijisiniň ornuny tutar diýlip garaşylýar.
Bu model diňe Hytaýyň içerki bazary üçin niýetlenendir we Ýewropada ýa-da ABŞ-da satylmaz. 2025-nji ýylda benzin bilen işleýän täze awtoulaglar bilen gyzyklanýan hytaýly alyjylaryň arasynda täzelenen Q6 uly gyzyklanma döredip biler.


21.05.2026 11:31
6k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.5k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....