R.Meredow BMG-niň wekili bilen Türkmenistanyň amala aşyrýan ynsanperwer işlerini maslahatlaşdy

  • 17.06.2025 11:00
  • 3.4k+

16-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň edaralary bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, Türkmenistanyň Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykdaky amala aşyrýan ynsanperwer işlerine degişli meselelere deglip geçildi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz adatdan daşary ynsanperwer ýagdaýlarynda goldaw bermek bilen, ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary gymmatlyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.
Türkmenistanyň häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurt raýatlarynyň çykmagyna dessin hemaýat bermek boýunça halkara guramalary, hususan-da BMG bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......