Deňiz hyýarlaryndaky şeker rak keseliniň ösüşi bilen bagly fermenti petikleýär

  • 16.06.2025 13:11
  • 5.2k+

Amerikaly alymlar deňiz hyýarlarynyň düzüminde rak öýjükleriniň ösüşine gatnaşýan fermenti böwetläp bilýän maddany ýüze çykardylar. Onuň artykmaçlygy ozal öwrenilen birleşmelerden tapawutlylykda, adam organizmi üçin howpsyz bolmagydyr.

Deňiz hyýarlary (goloturiýalar) – tikenli bedenliler (Echinodermata) görnüşine degişli oňurgasyzlar bolup, olaryň iň ýakyn kowumdaşlary deňiz kirpileridir. Goloturiýanyň 1100-den gowrak görnüşi bar. Olar köp ýurtlarda iýmit hökmünde ulanylýar we adatça «trepang» diýlip atlandyrylýar. Bu juda hereketsiz jandarlar, esasan, plankton bilen iýmitlenýärler. Ömürleriniň dowamynda sintezleýän köp sanly biohimiki birleşmeleriniň meňzeşi ýokdur.
Bu jandarlarda ölüm howply rak keseliniň peýda bolýandygy barada maglumat ýok. Bu ýagdaý meduzalara we deňiz kirpilerine hem degişlidir. ABŞ-ly alymlar muny bu deňiz jandarlarynyň düzümindäki aýratyn polisaharid – fukozilirlenen hondroitinsulfat bilen düşündirýärler. Onuň rak keseline garşy potensialy barada «Glycobiology» žurnalynda beýan edildi.
Adamlaryň öýjükleriniň üsti glikanlar diýlip atlandyrylýan ýönekeý şeker zynjyrlary bilen örtülendir. Käbir fermentler, meselem, sulfataza-2 bu gurluşlara täsir edip, rak keseliniň ösmegine ýardam berýär. Bu ferment işjeň bolanda, immunitet ulgamy rak öýjüklerini tanamakda we ýok etmekde kynçylyk çekýär. Şonuň üçinem köp sanly rak öýjükleri sulfataza-2-niň öndürilişini stimulirleýär.
Holothuria floridana deňiz hyýaryndan alnan madda bilen geçirilen laboratoriýa synaglary we kompýuter arkaly ýerine ýetirilen modelirlemeler bu maddanyň sulfataza-2 fermentini petikläp bilýändigini görkezdi. Şuňa meňzeş birleşmeler ozal doňuzlaryň bedeninde hem ýüze çykarylypdy, ýöne olar ganyň lagtalanmagy ýaly howply täsirler döredýärdi. Täze polisaharidde beýle howplar ýüze çykmady.
Ýene bir artykmaçlygy bolsa – tebigy elýeterliligidir. Deňiz hyýarlary dünýäde giňden ýaýran we iýmit hökmünde hem giňden ulanylýar. Häzirki wagtda çylşyrymly şekerleriň sintezi her näçe gymmat hem bolsa, alymlar geljekde bu maddany emeli ýol bilen döredip, tebigy çeşmelere bolan garaşlylygy azaltmagy meýilleşdirýärler.


15.06.2026 12:32
5.5k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......