Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda oba hojalyk işleriniň barşy boýunça iş maslahatyny geçirdi

  • 17.06.2025 00:14
  • 6.3k+

16-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edip, orak möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, şeýle hem döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.
Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri, Lebap welaýatynda şaly ekişi, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi  dowam etdirilýär.  
Welaýatlaryň ýeralma, gök-bakja  we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. 
Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip,  häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, gowaça meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......