«Summer Game Fest 2025-e» rekord 50 million gezek tomaşa edildi

  • 17.06.2025 13:11
  • 2.5k+

Summer Game Fest 2025-iň açylyş dabarasy 50 milliondan gowrak gezek görüldi – bu şüweleňiň taryhyndaky iň ýokary görkeziji boldy. Bu barada dabaranyň prodýuseri we alyp baryjysy Jeff Kili habar berdi.

StreamsCharts maglumatlaryna görä, dabarany bir wagtda gören tomaşaçylaryň iň köp sany 3 milliondan geçdi, bu bolsa 2024-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 89% köpdür.
YouTube-daky ýaýlym üçin iň ýokary auditoriýa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 43%, ortaça tomaşaçy sany bolsa 38% ýokarlandy. Dabaranyň ýazgysy eýýäm 8 milliondan gowrak gezek görüldi.
Twitch platformasynda hem tomaşaçylaryň sany artdy: iň ýokary görkeziji 38% artdy. 8900-den gowrak kanal dabarany bilelikde göni ýaýlymda görkezdi, göni ýaýlymda jemi tomaşaçylaryň sany bolsa 1,4 milliondan geçdi.
Dabaranyň esasy tanyşdyrylyşlarynyň arasynda Resident Evil Requiem, Atomic Heart 2, Game of Thrones: War for Westeros, 007 First Light we Code Vein II ýaly oýunlaryň treýlerleri bar.


18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....