Alenka Suhadolnik Sloweniýanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine girişdi

  • 16.06.2025 18:42
  • 5.2k+

16-njy iýunda Sloweniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alenka Suhadolnik Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli parlamentiň düzümi, kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Ilçi Alenka Suhadolnik özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogy giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigi baradaky ynandyrmalaryny beýan etdi. 

Şu gün, ilçi şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen duşuşyp, ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy..
Ilçi diplomatik işini Moskwa şäherinde oturýan ýerinden alyp barar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......