Netflix Wensan Kassel bilen Gýugonyň “Pariždäki Bibimerýem ybadathanasy” filmini surata düşürer

  • 17.06.2025 12:58
  • 1.8k+

Netflix Wiktor Gýugonyň “Pariždäki Bibimerýem ybadathanasy” nusgawy romanyny ekranlaşdyrmaga taýýarlanýar. “Kwazimodo” filmindäki baş keşbi fransuz aktýory Wensan Kassel ýerine ýetirer diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Taslama öň “Heläkçilik” we “Şol oňaýsyz pursat” filmlerini surata düşüren Žan-Fransua Rişe režissýorlyk eder. Edebi esasyny "Ynsan gazabynyň" awtory Erik Besnard ýazdy.
Önümçilige Mediawan-yň düzümine girýän Radar Films kompaniýasy ýolbaşçylyk edýär. Prodýuserleri - Kleman Miserez we Matýe Warter.
Film 2025-nji ýylyň tomsunda Fransiýada surata düşürilip başlanar. Ilkinji görkezilişiniň boljak senesi entek yglan edilmedi.
Filmi döredijiler Gýugonyň keşbini döretmäge ylham beren meşhur küýki  baradaky hekaýaty köpçülige täze labyzda hödürlemegi wada berýärler.
Filmiň wakalary 1830-njy ýylyň iýul rewolýusiýasynyň öňüsyrasynda Parižde ýaýbaňlanýar. Holera epidemiýasynyň ýaýramagynyň fonunda baş gahryman syýasy tolgunyşyklara çekilýär we umytsyz söýgini başdan geçirýär.


düýn 22:06
840

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......