Russiýa Alsgeýmer keselini irki döwründe anyklamagyň täze usulyny patentledi

  • 17.06.2025 10:30
  • 1.7k+

Permiň milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) barlagçylary Alsgeýmer keselini irki döwründe anyklamagyň täze usulyny patentlediler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.

Bu usul magnit-rezonans tomografiýasy (MRI) arkaly beýniniň iki ýarym şarynyň hem wena damarlaryny öwrenmäge esaslanýar. Dört damary seljerilýän öňki usuldan tapawutlylykda, täze çemeleşme alty damar baradaky maglumatlary öz içine alýar. Bu anyklaýyş takyklygy 89%-e çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Alnan parametrler ýörite işlenip düzülen programma arkaly işlenýär. Olar "kararlar agajy" maşyn öwreniş algoritmini ulanýar we netijäni berýär: CON - näsag sagdyn ýa-da AD - Alsgeýmer keselli. Şol bir wagtyň özünde, kesel kesgidi barada gutarnykly karary hemişeki ýaly bejergi berýän lukman çykarýar, sebäbi bu usul hünär tejribesini goldaýar, ýöne onuň ýerini tutmaýar.
Alymlaryň sözlerine görä, kesel alamatlary ýüze çykmazdan has öň ösüp başlaýar. Häzirki anyklaýyş usullary diňe töwekgelçiligi bahalandyrýar ýa-da takyk bolman biler. Täze çemeleşme keseli entek ýüze çykmanka anyk kesgitlemäge kömek edýär.

"Näsaga adam beýnisini skanirleýän MRT-niň signalyny güýçlendirýän gadoliniýa esasly kontrast serişde sanjym edilýär. Soňra hünärmenler alty beýni damarlarynda magnit duýgurlygyny ölçeýärler. Bu ölçegler Alsgeýmer keseliniň ösmegi bilen üýtgäp bilýän gan damarlarynyň ýagdaýy we kislorodyň derejesi barada möhüm maglumatlary berýär" - diýip, PNIPU-nyň innowasiýalar bölüminiň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty Leonid Kožemýakin düşündirdi.


düýn 08:10
4.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......