ABŞ-da JetZero Z4 uçarlarynyň önümçiligi üçin zawod gurlar: olar Boeing 737 Max 10-dan öňe geçýär

  • 17.06.2025 10:47
  • 6.7k+

Kaliforniýanyň JetZero startapy Demirgazyk Karolinany orta ýola uçýan täze JetZero Z4 uçarlaryny öndürjek zawodyň gurluşygy üçin saýlady. Zawod Grinsboro şäherindäki Pýemont-Triad howa menziliniň golaýynda ýerleşer diýlip çak edilýär.

JetZero Z4 200-250 ýolagça niýetlenýär, uçuş aralygy, takmynan, 9300 km barabar. Bu görkezijiler boýunça ol Boeing 737 Max 10-dan öňe geçer.
Täze uçar üýtgeşik dizaýny – fýuzelýaža (korpus) birikdirilen ganaty bilen tapawutlanýar. Hasaplamalara görä, şeýle şekil ýangyjyň sarp edilişini adaty modeller bilen deňeşdirilende iki esse azaltmaga mümkinçilik berýär.
Taslama ABŞ-nyň Harby-howa güýçleri we Northrop Grumman korporasiýasy tarapyndan goldanýar. Prototipiň ilkinji uçuşy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär, ýöne täjirçilik ulanylyşy 2030-njy ýyldan soň bolar. Bolup biljek müşderileriň arasynda United Airlines awiakompaniýasy agzalýar.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......