Renault Trucks we Kleuster elektrik ýük welosipedini döretdi

  • 16.06.2025 17:21
  • 5.6k+

Renault Trucks we Kleuster şäher logistikasy üçin niýetlenen Kleuster 350 kysymly elektrik ýük welosipedini hödürlediler. Bu modeliň önümçiligi Fransiýanyň Wenisýo şäherindäki Renault Trucks zawodynda ýola goýuldy.

Öndürijileriň bellemegine görä, elektron söwdanyň ösmegi, eltip beriş wagtynyň gysgaldylmagy we ekologiýa bilen bagly talaplaryň güýçlenmegi şäher logistikasynda kynçylyklary döredýär. Kleuster 350 «soňky mildäki» eltip bermeler üçin çözgüt hökmünde işlenip düzüldi.
Model Renault Trucks-yň inženerleri tarapyndan Kleuster-iň ýük welosipedleri babatyndaky 10 ýyllyk tejribesine esaslanyp taýýarlandy. Welosiped zynjyrsyz transmissiýa, 35 km çenli ýol geçmäge ukyply dakylyp-aýrylýan akkumulýatorlar, rahatlyk üçin öňdäki we yzdaky podweska bilen enjamlaşdyrylyp, bary-ýogy 2,4 metrlik ykjam öwrüm radiusy bar.
Kleuster 350 Fransiýadaky garaşsyz Transpolis merkezinde geçirilýän çydamlylyk synaglarynda öz ygtybarlylygyny subut etdi. Synaglara 30 müň kilometrden gowrak ýol we 1440 sagatlyk hereket degişlidir.
Müşderilere iki wersiýa hödürlener:

  • Box 350 — ýapyk kuzowly, kurýer we azyk sargytlaryny eltmek üçin niýetlenen (ýük göterijiligi 150-300 kg),
  • Pick-up 350 — açyk platformaly, enjamlar üçin, ýaşyl zolaklara ideg, tehniki işler, şäher ýerlerini arassalamak we kärhanalaryň içinde logistiki işler üçin niýetlenen.

Täze modelleriň çykmagy bilen Kleuster hatary ýedi konfigurasiýa çenli giňeldildi. Welosipedleriň hemmesi Fransiýada taslanyp, Renault Trucks diler tory arkaly satuwa çykarylýar.


şu gün 18:36
439

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
857

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......