Burunda işdäniň gözegçiligine täsir edýän reseptorlar tapyldy

  • 16.06.2025 13:25
  • 2.5k+

Ýewropaly neýrofiziologlar burnuň ys alyş epiteliýsinde iýmitiň ysyny alanda doýmak duýgusyny güýçlendirýän reseptorlaryň aýratyn kategoriýasyny tapdylar. Garramagyň biologiýasy instituty (Germaniýa) bu neýronlarda bökdençligiň ýüze çykmagy artykmaç iýmeklige we semremeklige getirip biljekdigini ýüze çykardy.

Barlag syçanlarda geçirildi. Alymlar iýmitiň ysynyň beýniniň işjeňligine, esasanam, ajykmak we doýmak bilen baglanyşykly neýron zynjyrlaryna nähili täsir edýändigini öwrendiler. Şeýle maglumatlary almak üçin gemrijilere durnuksyz ftor-18 atomlary ýazylan glýukoza sanjym edildi. Olaryň bozulmagy antimateriýanyň iň ýönekeý bölejikleri bolan pozitronlaryň öndürilmegi bilen utgaşýar, bu bolsa näçe köp pozitronyň bölünip çykýandygynyna görä, käbir neýronlaryň işjeňligini yzarlamaga mümkinçilik berýär.
Synag wagtynda barlagçylar iýmitiň ysyny alanda syçanlaryň beýnisiniň işjeňliginiň üýtgeýşine gözegçilik etdiler.
Nerw öýjükleriniň bu zynjyrynyň işleýşini açmak üçin alymlar syçanlaryň genomyny üýtgetdiler. Soňky synaglar agzalan nerwleri zor bilen işjeňleşdirmegiň sagdyn syçanlaryň halaýan iýmitleri hödürlenende-de işdäsiniň ep-esli kemeldýändigini görkezdi.
Şeýle-de bolsa, bu "iýmit" neýronlarynyň zynjyrynyň işinde näsazlyklaryň ýüze çykýandygyny görkezýän semiz syçanlarda bu täsir ýok. Awtorlar bu neýronlaryň kadaly işini dikeltmeklik aşa köp iýmek islegini azaldar we artykmaç agram bilen göreşmäge kömek eder diýip hasaplaýarlar.


22.06.2026 23:12
4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......