Ekspedisiýa Hazar deňzinde adanyň peýda bolandygyny tassyklady, ýöne oňa düşlemek başa barmady

  • 16.06.2025 13:32
  • 13k+

Alymlar Hazar deňziniň demirgazygynda täze adanyň peýda bolandygyny öz gözleri bilen görüp tassykladylar, emma häzirlikçe ol ýere düşläp bolmady diýip, Live Science habar berýär.

Hazar deňzi Ýewropa bilen Aziýanyň serhedinde ýerleşip, takmynan, 371 000 inedördül kilometr meýdany tutýan “dünýäniň iň uly ýapyk suw howdany”. Bu ýerde täze adalaryň peýda bolmagy ýapyk suwuň derejesiniň uzak wagtdan bäri üýtgäp durandygy bilen baglanyşyklydyr. Awaş adalary diýlip atlandyrylýan deňiz düýbüniň belentligi deňziň derejesi peselende ýokary çykýar.
Hazar deňziniň derejesiniň 1930-70-nji ýyllarda peselendigi, soňra ýokarlanandygy we 2010-njy ýylda ýene peselip başlandygy mälimdir. Alymlar soňky üýtgeşmeleri klimat faktorlaryna, esasanam, bugarmagyň ýokarlanmagyna we suwuň aşagyndaky tektoniki üýtgeşmelere degişli diýip hasaplaýarlar.


Soňky ekspedisiýanyň dowamynda barlagçylar täze ada golaýlaşyp, onuň bardygyny tassyklamagy başardylar. Emma ýaramaz howa şertleri we ýalpak suw sebäpli düşlemek mümkin bolmady. Dronyň kömegi bilen ada surata düşürildi, suratlarda adanyň ululygy we käbir aýratynlyklary görünýär. Doly öwrenmek üçin goşmaça işleri geçirmek gerek.
Alymlar has jikme-jik barlag geçirmek üçin 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda ada dolanmagy meýilleşdirýärler. Olar ada at goýmaga kömek etjek üýtgeşik aýratynlyklary tapmagy umyt edýärler.
Täze adanyň alamatlary 2024-nji ýylyň noýabr aýynda ilkinji gezek hemra suratlarynda ýazga alyndy. Suwuň üstünde çäge we çökündi massasy peýda bolup, ýuwaş-ýuwaşdan guraýan hem bolsa, şol döwür  adanyň emele geljegi entek belli däldi.
Bu ada häzirki wagtda deňiz derejesinden bary-ýogy birnäçe santimetr galyp dur, ýöne tomus we güýz aýlarynda derýanyň akyşynyň möwsümleýin peselmegi sebäpli ululygy çalt artyp biler.


şu gün 08:10
3.8k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.4k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.1k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......