2025-nji ýylyň maý aýy umman gözegçiliginiň taryhynda ikinji iň yssy aý boldy

  • 16.06.2025 14:19
  • 7.7k+

2025-nji ýylyň maý aýynda dünýä ummanynyň üstüniň ortaça temperaturasy 20,79 gradus boldy – bu gözegçiligiň taryhynda ikinji iň ýokary görkezijidir diýip, Ýewropanyň Copernicus gullugy habar berýär.

2024-nji ýylyň maý aýynda goýlan rekord dereje bu görkezijiden bary-ýogy 0,14 gradus ýokarydy.
Alymlar ummanyň atmosferada ýygnanýan ýylylygyň ep-esli bölegini özüne siňdirýändigini düşündirýär. Ol kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň, takmynan, 25%-ini we artykmaç ýylylygyň, takmynan, 90%-ini özüne kabul edýär, bu hem global ýylamanyň depginini haýallatmaga kömek edýär.
Ýöne bu prosesiň ýaramaz netijeleri hem bar. Temperaturanyň ýokarlanmagy we suwuň turşamagy deňiz ekoulgamyna täsir edýär. Mysal üçin, merjenlere rifleri döretmek has kyn düşýär – olara suwuň himiki düzüminiň üýtgemegi sebäpli kalsiý ýetmezçiligi päsgelçilik döredýär.
Mundan başga-da, has ýyly suwda suwotular çalt köpelýär. Bu kislorodyň derejesini peseldip, beýleki deňiz organizmleriniň durmuşyny kynlaşdyrýar.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......