5.4k+

Volkswagen-iň ulagdan hem has geçginli önümi bar - ol şöhlat

Volkswagen-iň iň geçginli önümi awtoulag däl-de, karriwurst, ýagny 1973-nji ýylda zawodyň işgärleri üçin iýmit hökmünde peýda bolan etden edilen şöhlatdyr. Häzirki wagtda bu ýörgünli önümdir: 2024-nji ýylda kompaniýa şeýle şöhladyň 8,6 millionyny, awtoulagyň bolsa 5,2 millionyny satdy...

3.6k+

Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler

Ýaponiýada emeli ganyň kliniki synaglaryna başlamaga taýynlanýarlar. Professor Hiromi Sakainiň ýolbaşçylygyndaky Nara lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenler toparynyň işläp taýýarlamasy, esasanam, adatdan daşary ýagdaýlarda we uzak sebitlerde donor ganynyň ýetmezçiliginiň meselesini çözüp biler...

4.8k+

95 ýaşly Klint Istwud täze filmiň üstünde işläp başlady

Oskar baýragynyň eýesi, amerikaly režissýor Klint Istwud täze filmiň üstünde işläp başlandygyny habar berdi. Bu barada Reuters habar berýär. Eastwood Awstriýanyň “Kurier” neşiriniň žurnalistlerine beren interwýusynda "Adamyň ýaşy ulaldygysaýyn öňküdenem gowy bolup bilmezligine sebäp ýok...

6.6k+

Niderlandlarda Ýewropada iň uly ýüzýän şäherçe gurlar

Rotterdam şäheriniň (Niderlandlar) iň gadymy port desgalarynyň birinde Ýewropada iň uly ýüzýän ýaşaýyş sebiti Spoorweghaven peýda bolar. Taslama Daniýanyň MAST binagärlik studiýasy we BIK bouw gurluşyk kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy...

12k+

Jeki Çan haýsy kinolary has gowy görýändigini aýtdy

Meşhur gonkongly aktýor Jeki Çan özüniň gowy görýän filmleri barada aýtdy. Letterboxd neşiri bilen söhbetdeşlikde 71 ýaşly artist özünde uly täsir galdyran dört filmi agzap geçdi. Çan “Rokki” sport dramasynyň (Рокки...

3.5k+

Polşanyň Prezident saýlawlarynda Karol Nawroskiý ýeňiş gazandy

Polşada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijesine görä, oppozision konserwatiw partiýa bolan «Hukuk we adalat» partiýasynyň dalaşgäri Karol Nawroskiý sesleriň köplügini aldy. Bu barada «Gazeta Wyborcza» habar berýär...

5.6k+

Ýere rekord temperaturaly Gün plazmasynyň bulutlary ýetdi

Ýere alawlama wagtynda Gün tarapyndan zyňylan rekord häsiýetli plazma bulutlary ýetdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, TASS habar berýär...

8.7k+

UEFA “PSŽ-e” €148,4 mln möçberde rekord pul baýragyny berer

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Çempionlar ligasy möwsüminiň netijesi boýunça “PSŽ” fransuz klubuna 148,4 mln ýewro tölär. Bu barada X sosial ulgamynda Football Meets Data habar berýär. Bu mukdar 5:0 hasabynda tamamlanan “Inter” bilen final oýnundaky ýeňiş üçin 6,5 mln ýewrony öz içine alýar...

5.7k+

“PSŽ” we “Tottenhem” UEFA-nyň Superkobugy ugrunda bäsleşer

2025-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy ugrunda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” kluby bilen Angliýanyň “Tottenhemi” duşuşar. Bu oýun, adatça, täze möwsüm başlamazdan öň geçirilýär. Onda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bilen Ýewropa ligasynyň ýeňijisi duşuşýar...

6.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy...

2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň halkyny Respublika güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Italiýanyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy Jorja Melonä we ýurduň dostlukly halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär...

5.1k+

Buzluklaryň möçberi 50 ýylda 9 trillion tonna azaldy

1975-nji ýyldan bäri alnyp barylýan gözegçilikleriň dowamynda, buzluklaryň umumy möçberi 9 trillion tonnadan hem köp azaldy. Bu barada Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň wekili Kler Nullis Ženewada geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi...

8.1k+

Türkmenistandan iki şahyr TÜRKSOÝ-nyň halkara bäsleşiginiň laureaty boldular

Türkmenistandan iki şahyr TÜRKSOÝ-nyň ýaş şahyrlaryň arasynda geçirilýän «Ýaşyl älem» atly bäsleşik-festiwalynyň laureaty bolup, Žolan Mamytow adyndaky halkara medal bilen sylaglandylar. 2025-nji ýylyň 28 – 30-nji maý aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde Türki dünýäsiniň döwletleriniň ýaş şahyrlarynyň birinji festiwaly geçirildi...

13k+

Aşgabatda 500-den gowrak adam «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonynda» ylgady

31-nji maýda Aşgabatda 2025-nji ýylyň Ýewropa güni mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak marafony» geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan guralan köpçülikleýin sport çäresine 517 adam gatnaşdy...

3.4k+

Blue Origin alty syýahatçyny suborbital uçuşa iberdi

31-nji maýda alty sany raýat astronawty Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard gämisinde suborbital uçuşy amala aşyrdy. NS-32 missiýasy ýerli wagt bilen 8:39-da Tehasdaky Launch Site One kosmodromyndan uçdy. Ekipaž 104 km belentlige ýetip, agramsyzlyk ýagdaýynda 3 minut töweregi boldy – bu Karman çyzygy diýlip atlandyrylýan halkara kosmos serhetidir...

14k+

2025-nji ýylyň “Dünýä hanymy” titulyna Tailandyň wekili mynasyp boldy

2025-nji ýylyň “Dünýä hanymy” halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Tailanddan 21 ýaşly Suçata Çuangsri boldy. Bu titula 108 gatnaşyjy dalaş etdi diýlip, bäsleşigiň resmi saýtynda habar berilýär. Çuangsri – halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby, model bolup işleýär, psihologiýa we antropologiýa bilen gyzyklanýar...

5.9k+

Synaglar kofeniň gujur berijiliginiň diňe kofein bilen bagly däldigini subut etdi

Psihologlar kofeniň, hakykatdanam, düzüminde kofein bolany üçin gujur beriji häsiýete eýemi ýa dälmi anyklamak üçin synag geçirdiler. Netijeler kofeni içýän adamyň özüni duýşuna bu içginiň diňe bir düzümi täsir etmän, eýsem, ony duýşuň we lezzet bilen içmek däbiniň hem täsir edýändigini görkezdi diýip, Heliyon žurnalynda çap bolan barlagda aýdylýar...

4.6k+

Ol ýeke-täk… Aston Martin eksklýuziw DB12 plýaž kabrioletini hödürledi

Aston Martin diňe bir nusgada döredilen, aýratyn «DB12 Volante Palm Beach Edition» atly kabrioletini hödürledi. Bu awtoulag ABŞ-nyň iň baý şäherleriniň biri bolan Palm-Biç üçin ýörite taýýarlandy. Bu model «Aston Martin Palm Beach» diler merkeziniň sargydy boýunça «Q» bölümi tarapyndan işlenip düzüldi...

4.5k+

Indoneziýanyň kenaryndaky Ýuwaş ummanynyň düýbünde gadymy dünýäniň yzlary tapyldy

Indoneziýanyň kenarlarynda, Ýawa bilen Madura adalarynyň arasyndaky bogazyň düýbünde suwa giden gadymy jülgäniň yzlary tapyldy. Häzir bu ýerde ummanyň ýalpak ýeri bar diýip, Daily Mail habar berýär. Geologlar Sumatra, Ýawa we Borneo adalarynyň arasyndaky umman düýbüniň birwagtlar gury ýer bolandygyny bireýýäm kesgitläpdi...

3k+

Gresiýada gumanoidleriň ilkinji Olimpiadasy geçiriler

29-njy awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Gresiýanyň Olimpiýa şäherinde gumanoidleriň ilkinji Halkara olimpiadasy geçiriler. Adam şekilli robotlar sport ýaryşlaryna gatnaşyp, çeýeligi, tizligi we emeli aňyň mümkinçiliklerini görkezer...

3.3k+

Režissýor Dewid Linçiň 400-den gowrak şahsy zady auksiona çykarylar

Julien’s Auctions auksion öýi Turner Classic Movies bilen bilelikde režissýor Dewid Linçiň 400-den gowrak şahsy zadyny satuwa çykarar diýip, Variety habar berýär. The David Lynch Collection atly auksion 18-nji iýunda Kaliforniýada onlaýn görnüşde geçiriler...