Üzüm hoşasyna meňzeýän gadymy galaktika tapyldy

  • 15.08.2025 01:05
  • 4.4k+

Astronomlar Uly partlamadan 900 million ýyl geçensoň emele gelen galaktikany tapdylar. Şekiline görä, oňa "kosmiki üzüm" ady berildi diýip, National Radio Astronomy Observatory-daky makalada aýdylýar.

“Habbl” teleskopynyň ilkinji suratlarynda galaktika bulaşyk ýaly görünýärdi, ýöne täze tehnologiýalar azyndan 15 sany äpet ýyldyz emele getirýän toparyň aýlanýan ulgamyny synlamaga mümkinçilik berdi. Alymlar häzirki zaman nazary modelleriniň şol döwrüň bir aýlanýan galaktikasynda beýle köp sanly ýyldyz üýşmegini görkezmändigini aýdýarlar.
Obýekt dartyş güýjüniň linzasy arkaly ýüze çykaryldy. Bu hadysada öňdäki galaktikalar topary has uzakdaky obýektleriň ýagtylygyny güýçlendirýär. Muny öwrenmek üçin astronomlar “Jeýms Uebb” teleskopynyň we ALMA radio teleskoplarynyň güýjüni birleşdirdiler. Gözegçilikler jemi 100 sagatdan gowrak wagtlap alnyp baryldy.


düýn 16:08
2.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.8k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....