Pekinde adam şekilli robotlaryň ilkinji Bütindünýä oýunlary geçirilýär

  • 16.08.2025 16:56
  • 3.6k+

Pekinde gumanoid robotlaryň ilkinji Bütindünýä oýunlary açyldy. Ýaryşlara 16 ýurtdan 280 topar gatnaşýar diýip, Associated Press we GizmoChina habar berdi.

Oýunlar 15 – 17-nji awgustda 2022-nji ýyldaky Olimpiada üçin gurlan “Buz lentasy” milli konki stadionynda geçirilýär. Çäräniň guramaçylary hökmünde Pekiniň hökümeti, China Media Group, robototehnika pudagynda Bütindünýä hyzmatdaşlyk guramasy we Aziýa-Ýuwaş umman halkara geňeşi RoboCup çykyş etdi.
Oýunlara robototehnika kompaniýalaryndan we Hytaý uniwersitetlerinden toparlar gatnaşýar. 500-den gowrak adam şekilli robotlar futbolda, ylgawda we boksda ýaryşýar. Sport işlerinden başga-da, robotlar dermanlary tertipleşdirmek, otaglary arassalamak, ýükleri ýüklemek we düşürmek ýaly myhmanhanalarda, hassahanalarda, ammarlarda we önümçilikde ulanylyp bilinjek başarnyklaryny görkezýär.

Ýaryşlar üçin dört esasy zolak taýýarlandy: 2,1 metr uzynlykda ylgaw ýodasy, 5×5 metrlik futbol meýdançasy, boks ringi we goşmaça meýdançalar. Şeýle-de, uzak aralykdan dolandyryş üçin ýörite meýdança gurnaldy, bu ýerde operatorlar hakyky wagtda 5G-A ulgamy arkaly robotlary dolandyrýar.
Ýaryşyň çäklerinde hem algoritmleriň esasynda özbaşdak hereket edýän robotlar, hem operatorlaryň gözegçiligindäki modeller ulanylýar.
Açylyş dabarasynda robotlar futbol oýnady we boksa gatnaşdy, salto etdi, aýdym-saz gurallarynda çykyş edip, moda görkezilişine gatnaşdy.
Ýaryşlar üçin petekleriň bahasy 180 ýuandan (25 dollar) 580 ýuana (80 dollar) barabar.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......