Beýik Britaniýada gurakçylyk sebäpli suwy tygşytlamak üçin köne hatlary we suratlary aýyrmak maslahat berildi

  • 15.08.2025 14:59
  • 12k+

Beýik Britaniýanyň hökümeti yssy howa we gurakçylyk sebäpli suwy tygşytlamak boýunça maslahatlary hödürledi. Hususan-da, häkimiýetler ýurduň ýaşaýjylaryna köne elektron hatlary bozmagy maslahat berdi diýip, Tom’s Hardware neşiri belleýär.

Gurakçylyk bilen göreş boýunça milli topar (oňa meteogulluklar, hökümet wekilleri we suw üpjünçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalar) ýagdaýy “adatdan daşary” diýip atlandyrdy. Ýurduň bäş sebitinde resmi taýdan gurakçylyk yglan edildi, derýalarda we suw ammarlarynda suwuň derejesi azalmagyny dowam etdirýär. Independent-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji ýarymy 1976-njy ýyldan bäri iň gurak döwür boldy.
Beýik Britaniýanyň hökümet saýtyndaky habarda suwuň sarp edilişini azaltmak üçin ygtyýarly edaralar tarapyndan görülýän çäreler agzalýar, şeýle-de “öý şertlerinde” suwy tygşytlamaga kömek etjek usullar sanalyp geçilýär. Hususan-da, häkimiýetler ýaşaýjylara şulary maslahat berýär:

  • Suwa düşmegiň wagtyny azaltmak;
  • Unitazlarda syzmalary düzetmek;
  • Ýagyş suwuny ýygnamak üçin gap goýmak we ony baglary suwarmak üçin ulanmak.
  • Otlary suwarmazlyk;
  • Köne elektron hatlary we suratlary bozmak, çünki maglumat merkezleri ulgamlary sowatmak üçin has köp suw talap edýär.

Tom’s Hardware soňky punktyň manysyzdygyny, çünki maglumat merkezlerinde esasy suw çykdajysynyň maglumatlary saklamak bilen däl-de, prosessorlaryň işi bilen baglanyşyklydygyny ýazýar. Faýllary gözlemek we bozmak, tersine, goşmaça hasaplaýyş amallaryny talap edýär, şonuň üçin görkezme, has dogrusy, ters netije berip biler.
Oksford uniwersitetiniň gözleglerine görä, hatda uly bolmadyk maglumat merkezi hem ýylda, takmynan, 26 mln litr suw sarp edýär diýip, Independent ýazýar.


şu gün 15:05
3.4k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

03.06.2026 12:21
9.3k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......