Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

  • 29.04.2026 12:09
  • 2.9k+

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25 sekuntda geçip, özüniň mundan öňki rekordyny has-da gowulandyrmagy başardy.

Türgeniň bütin aralyk boýunça ortaça ylgaw depgini her kilometr üçin haýran galdyryjy 3 minut 48 sekunta deň boldy.

49 ýaşly Riçard Waýthediň iki aýagy hem dyzyndan aşakda dogabitdi ýok. Ol öz karýerasynyň dowamynda slej-hokkeýden ýeňil atletika geçip, ajaýyp netijeleri görkezip gelýär. Protezde ylgamak boýunça marafonda we ýarym marafonda dünýä rekordlary oňa degişlidir. Şu güne çenli ol dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilen 20 sany marafona gatnaşdy.

Pellehanada türgen öz duýgularyny gizläp bilmedi. Bu netijä ýetmek üçin ol çynlakaý fiziki agyrylary ýeňip geçmeli boldy, ýöne bu ahyrynda uly bagt getirdi.

«Men maýyplygy bolan adamlaryň bähbitlerini buýsanç bilen goramak we başgalary hem haýsydyr bir ajaýyp zada ýetip biljekdiklerine ynanmaga ruhlandyrmak isleýärin» – diýip, türgen belledi.

Öz sport we jemgyýetçilik işiniň dowamynda Riçard sportuň dürli päsgelçilikleri ýok edýän, abadançylyga ýardam edýän, jemgyýeti agzybir edýän we ähmiýetli durmuş özgerişlerine eltýän güýçli guraldygyna ynanýar.

«Men maýyplygymy päsgelçilik däl-de, mümkinçilik hökmünde kabul edýärin. Başga adamlara hem ýagdaýy gowulyga tarap üýtgedip biljekdiklerine, her bir adamyň ösdürmeli zehininiň we gürrüň bermäge mynasyp taryhynyň bardygyna düşünmäge kömek etmek isleýärin» – diýip, Riçard sözüniň üstüne goşdy.


16.05.2026 22:44
5.9k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.5k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
941

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......