RAV4 bilen Tiguan-a bäsdeş: Citroën 29700 ýewrodan giňiş SUV çykardy

  • 15.08.2025 01:02
  • 4.8k+

Citroën giňiş, tehnologik taýdan ösen we elýeterli SUV ulagyny gözleýän alyjylar üçin has özüne çekiji görnüşde täzeledi.

STLA Medium platformasyndaky täze kuzow öňküden uzaldy we giňeldi, şol bir wagtyň özünde göwrümi 651 litre çenli artdy - bu segmentdäki iň gowy görkezijileriň biridir.
Ulagyň içinde dik 13 dýuýmlyk ekran, sanly gural paneli we giňeldilen howpsuzlyk ulgamlary bar.
Hereketlendirijiniň diapazonynda gibrid wariantlary, ýöreýiş ätiýaçlygy 680 km çenli bolan doly elektrik görnüşi we elektrik çekişinde 86 km-e çenli hereket edip bilýän plug-gibrid hödürlenýär. Elektrik hereketlendirijileri 73 kWt·s ýa-da 97 kWt·s batareýalar bilen işleýär. Ýokary woltly 800 wolt ulgamy batareýany bary-ýogy 10 minutda 160 km ýol geçmek üçin zarýad bermäge mümkinçilik berýär.
Gibrid görnüşi 29 700 ýewrodan başlaýar. Elektrik wersiýasynyň bahasy subsidiýalary hasaba alanyňda 35 300 ýewro töweregi.

düýn 21:15
2.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
2.6k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
4.8k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....