17-nji awgustda Ýeriň golaýyndan 15 gatly jaýyň ululygynda asteroid uçup geçer

  • 16.08.2025 00:36
  • 8.5k+

17-nji awgustda Aşgabat wagty bilen 14:30-da diametri 50 metr töweregi bolan 2025 PM asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer.

Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, planeta çenli iň az aralyk, takmynan, bir Aý orbitasynyň diametrine barabar bolar – bu bir million kilometrden az.
Barlaghana onuň howply bolup biljekleriň sanawyna goşulandygyny belleýär.
Hasaplamalara görä, onuň Ýer bilen çaknyşmak ähtimallygy örän pes we diňe başga bir asman jisimi bilen çaknyşan ýagdaýynda bolup biler. Eger şeýle bolan halatynda 50 metrlik asman daşynyň gaçmagy onlarça kilometre uzaýan weýrançylyga getirip biler. Şol sebäpli astronomlar Ýerden on Aý orbitasynyň diametrinden az zolaga uçup girýän ähli jisimleri ünsli yzarlap, olaryň orbitasyny hemişe anyklaýar.
Alymlar şeýle ululykdaky meteoritiň, takmynan, 50 müň ýyl ozal gaçandygyny we ABŞ-da Arizona krateriniň (Berrinjer krateri) emele gelmeginiň sebäbi bolandygyny ýatlap geçdi.
2025 PM Apollonlaryň – orbitalary Ýeriňki bilen kesişýän asteroidleriň toparyna degişlidir. Ol 1-nji awgustda ýüze çykaryldy we deslapky maglumatlara görä, daş bölegi bolup, Günüň daşyndan iki ýylda bir aýlaw edýär.
Şu ýylda ýene bir uly asman jisiminiň şeýle ýakyn aralykdan sentýabryň ahyrynda uçup geçmegine garaşylýar. 


11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...