ABŞ-da öýüň üçegini deşen meteoritiň ýaşy Ýerden 20 million ýyl uly bolup çykdy

  • 15.08.2025 12:43
  • 7.7k+

“Makdono meteoriti” adyny alan kosmos daşy iýun aýynda ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Makdono şäherindäki bir öýüň üçegini deşdi. Jorjiýa uniwersitetinden planetar geolog Skott Harris bu materialy öwrendi we meteoritiň takmynan 4,56 milliard ýyl ozal emele gelendigini kesgitledi. Bu Ýeriň ýaşyndan, takmynan, 20 million ýyl uly diýmekdir.

Derňew Makdononyň Marsdan gelendigini we, takmynan, 470 million ýyl ozal dargap giden uly asteroid bilen baglanyşyklydygyny görkezdi.

"Ol Mars bilen Ýupiteriň arasyndaky esasy guşaklykdaky asteroidler toparyna degişlidir. Indi muny, takmynan, 470 million ýyl ozal uly asteroidiň dargamagy bilen baglanyşdyryp bileris öýdýäris" - diýip, Harris belledi.

Meteorit 26-njy iýunda ýagty şöhle saçdy. NASA diametri bir metre golaý bolan obýektiň sagatda 47 müň kilometr tizlik bilen hereket edendigini hasaplady. Amerikan Meteor Jemgyýeti ýurduň günorta-gündogarynda otly şaryň görlendigi barada 240-dan gowrak habar aldy. Köp adamlar zarbanyň sesini eşitdiler we duýdular, käbirleri oňa ýer titreýändir öýtdüler.
Meteorit atmosferadan geçip barýarka badyny haýallatdy we böleklere bölündi. Ýere gaçyp gelýärkä onuň galan bölekleri jaýyň üçegini, petigini we howa çalşygy turbalaryna deşip geçdi. Daş myhman otagynyň poluny oýdy. Ol ýakyn aralykdan ok atylan ýaly sesi we titremäni döretdi. Ýere gelip urlandan soň, daş pytrady we kosmiki tozany otagyň içine ýaýratdy. Jaýyň eýesi henizem onuň böleklerini tapýar.
Harris optiki we elektron mikroskopiýa arkaly daşyň 23 gramyny analiz etdi we meteoritiň düzüminde metal az bolan daş (hondrit) bolandygyny kesgitledi.
Jorjiýa uniwersitetinde meteoriti öwrenmek dowam edýär, käbir nusgalary “Tellusyň ylmy dünýäsi” muzeýinde goýlar.


09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...

26.02.2026 16:54
5.4k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

26.02.2026 12:40
5.9k+

Älemdäki iň uly ýyldyzlaryň biri partlamaga taýýarlanýar

Älemde mälim bolan iň äpet ýyldyzlaryň biri — WOH G64 — düýpli üýtgeşmelere sezewar boldy. Alymlaryň pikirine görä, bu ýyldyzyň ömri tamamlanyp barýar. Afiny milli obserwatoriýasynyň hünärmeni Gonsalo Munýosa-Sançesiň ýolbaşçylygyndaky barlag topary şeýle netijä geldi...