Astronomlar ilkinji gezek Marsdaky gijeki bulutlaryň doly şekilini düşürdiler

  • 15.08.2025 19:02
  • 5k+

Astronomlar ilkinji gezek Marsdaky gijeki bulutlary jikme-jik öwrenip bildiler.

Planetanyň atmosferasynyň Ýeriňkiden has ýukadygyna we gurakdygyna garamazdan, onda howanyň ýagdaýyna täsir edýän suwuň kiçijik buz kristallarynyň bulutlary bar. Gyzyl planetadaky bulutlar hakda bilýänlerimiziň köpüsi gündizki gözegçilikleriň netijesinde alyndy, şonuň üçin hem bulutlaryň gijelerine nähili emele gelýändigi we ýitip gidýändigi barada maglumat az.
Araplaryň 2021-nji ýyldan bäri Marsyň orbitasynda aýlanýan “Al-Amal” (“Umyt”) zondunyň maglumatlaryndan peýdalanyp, Semýuel Etwud we onuň kärdeşleri Marsyň gijeki bulutlary barada ilkinji doly düşünje aldylar. Olaryň geçiren barlaglarynyň netijeleri Journal of Geophysical Research: Planets-de çap edildi.
Pes eňňitli we ýokary derejede elliptik “Umyt” günüň islendik wagtynda we dürli giňişliklerde gözegçilik geçirmäge mümkinçilik berýär. Alymlar bulutlaryň bardygyny we galyňlygyny infragyzyl şöhläni nädip siňdirýändigi we ýaýradýandygy bilen kesgitleýän Emirates Mars infragyzyl spektrometr tarapyndan toplanan maglumatlary derňediler.
Derňew gijeki bulutlaryň Mars ýylynyň köp böleginde ortaça gündizki bulutlardan dykyzrakdygyny görkezdi. Irden we agşam bulut örtüginiň aňrybaş ýokary bolýandygy we günortan bolsa azalýandygy anyklandy.
Sowuk möwsümde ekwatoryň golaýynda galyň bulutlar emele gelýär we Gün dogandan soň iň ýokary derejesine ýetýär. Agşam bulutlary pes giňişlikleriň köpüsine ýaýraýar, irden bolsa ekwatory we ýanaşyk ýerleri öz içine alýan Taris wulkan sebitinde jemlenýär.
Barlagçylaryň pikirine görä, alnan maglumatlar Marsyň atmosferasynyň dinamikasy baradaky düşünjäni giňeldýär we howa modellerini synagdan geçirmäge kömek eder.


08.06.2026 16:45
3.5k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....