18 mlrd dollarlyk kompaniýa Google-dan Chrome brauzerini 34,5 mlrd dollara satyn almak isleýär

  • 16.08.2025 00:42
  • 4.1k+

Perplexity startapy Google kompaniýasyna Chrome brauzerini satyn almak üçin 34,5 mlrd dollar teklip etdi. Bu barada The Wall Street Journal we Bloomberg habar berdi. Bu baha 18 mlrd dollar bilen bahalandyrylýan Perplexity-niň öz bazar bahasyndan tas iki esse ýokarydyr.

Teklip sişenbe güni, eger ABŞ-nyň hökümeti Google-y brauzeri satmaga mejbur etse, kompaniýanyň ony satyn almaga taýýardygyny aýdanyndan birnäçe aý soň iberildi. Ozal Perplexity TikTok-yň amerikan aktiwlerini-de satyn almaga gyzyklanma bildiripdi.
Google iň bolmanda kazyýetiň karary çykýança brauzeri satmak meýilnamasyny yglan etmedi. Perplexity-niň wekili Jessi Duaýer The Verge neşirine maglumatyň dogrudygyny tassyklady.
Perplexity-niň işewürligi ösdürmek boýunça müdiri Dmitriý Şewelenko Bloomberg bilen söhbetdeşlikde birnäçe iri maýa goýum gaznasynyň şertnamany doly maliýeleşdirmäge razydygyny aýtdy. Ol Google razylyk beren ýagdaýynda startapyň Chrome bilen Chromium-yň ösüşine iki ýylyň içinde 3 mlrd dollardan gowrak maýa goýjakdygyny belledi.
Ozal Chrome-y satyn almaga ChatGPT-ni işläp düzüji OpenAI kompaniýasy hem gyzyklanma bildirdi.
ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google monopolist diýlip ykrar edilenden soň, Chrome-y satmaga mejbur etmekçi bolýar. Kompaniýa onuň gözleg ulgamyny brauzerlerde hem-de Apple we Samsung smartfonlarynda esasy ulgama öwren köp milliardlyk şertnamalar sebäpli kanuny bozmakda aýyplanýar. Iş boýunça çözgüde awgustyň ahyrynda garaşylýar. Google-yň özi bölünişige doly garşy çykýar.


29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.4k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...