ABŞ-nyň döwlet bergisi 37 trln dollardan geçdi – bu taryhy rekord

  • 15.08.2025 17:34
  • 8.6k+

ABŞ-nyň umumy döwlet bergisi 37 trln dollardan geçdi. Bu barada ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň ýurduň gündelik maliýe amallary baradaky hasabatda görkezilen maglumatlaryna salgylanyp, Associated Press habar berýär.

Şeýle görkeziji berginiň artmagynyň çaltlaşýandygyny we salgyt töleýjiler üçin çykdajylaryň artýandygyny görkezýär diýip, agentlik ýazýar. Kongresiň býujet dolandyryşynyň 2020-nji ýylyň ýanwaryndaky çaklamalaryna görä, bu çäge diňe 2030-njy maliýe ýylyndan soň ýetmelidi. Ýöne 2020-nji ýylda başlanan we uly ykdysady pese gaçyşa sebäp bolan COVID-19 pandemiýasy berginiň artmagyny çaltlaşdyrdy. Federal hökümet ykdysadyýeti durnuklaşdyrmak we dikeltmek üçin işjeň ýagdaýda karz aldy.
2025-nji ýylyň başynda Prezident Donald Tramp çykdajylar we salgytlary azaltmak barada kanuna gol çekdi. Bu bolsa, analitikleriň pikiriçe, geljek on ýylyň dowamynda döwlet karzyny 4,1 trln dollar artdyrar.
ABŞ-nyň Hasap palatasy döwlet karzynyň ösüşiniň karz çykdajylarynyň artmagyna, işewürlik maýa goýumlarynyň azalmagy sebäpli zähmet haklarynyň azalmagyna we harytlaryň hem hyzmatlaryň gymmatlamagyna getirjekdigini görkezýär.
34 trln dollar çäkden 2024-nji ýylyň ýanwarynda, 35 trln dollardan 2024-nji ýylyň iýulynda, 36 trln dollardan şol ýylyň noýabrynda geçildi. Häzir her bäş aýdan karz 1 trln dollar ýokarlanýar – bu soňky 25 ýyldaky ortaça depginden iki esse çaltdyr. Kongresiň Birleşen ykdysady komitetiniň hasaby boýunça, häzirki depginde indiki trilliona, takmynan, 173 günde ýetiler.


20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3.3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......