Microsoft korporasiýasy Windows, Office we Edge-de 100-den gowrak gowşaklygy düzetdi

  • 16.08.2025 13:25
  • 1.7k+

Microsoft “Patch Tuesday-iň” çäklerinde täzelenmeler bukjasyny çykaryp, Windows-da, Office-de, Edge brauzerinde we beýleki hyzmatlarda 107 gowşaklygy düzetdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, olaryň arasynda howplulary hem bar, ýöne hakerler tarapyndan hakyky hüjümlerde ulanylan ýagdaýlar hasaba alynmady diýip, PSWorld ýazýar.

Windows 10, Windows 11 we Windows Server operasion ulgamlarynda 67 näsazlyk düzedildi. CVE-2025-53766 (GDI API) we Windows Graphics Component-de CVE-2025-50165 howply diýlip atlandyryldy. Olar ýörite taýýarlanan saýta girilen ýagdaýynda hakeriň kompýuterde zyýanly kody işletmegine mümkinçilik berýär.
Hyper-V wirtuallaşdyryş ulgamynda üç esasy mesele düzedildi: CVE-2025-48807 – wirtual maşyndan hostda kody işe girizmek, CVE-2025-53781 – gizlin maglumatlaryň syzmagy, CVE-2025-49707 – wirtual maşyn identifikatoryny çalyşmak.
Marşrutlaşdyrma we uzak aralykdan elýeterlilik hyzmatynda (RRAS) 12 gowşaklyk düzedildi: altysy – uzak aralykdan kody işletmek mümkinçiligi, altysy – maglumatlaryň syzmagy bilen baglanyşykly.
Office bukjasynda 18 näsazlyk düzedildi, olardan 16-sy – RCE gowşaklygy. Dördüsi, şol sanda Word-da ikisi howply diýlip ykrar edildi. Olary hatda faýly açmazdan deslapky görüş penjiresi arkaly ulanyp bolýar.
Edge brauzeri 139.0.3405.86 (Chromium 139.0.7258.67) wersiýasyna çenli täzelendi, Android üçin wersiýada iki näsazlyk ýapyldy. Indiki täzelenme 2025-nji ýylyň 9-njy sentýabryna meýilleşdirilýär.
Microsoft Windows 7 we 8.1-i ulanyjylara goldaw we soňky düzedişleri almak üçin Windows 11 24H2-ä geçmegi maslahat berýär.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
909

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...