Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasyny Azat ediş gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady

  • 15.08.2025 12:28
  • 4.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Li Çže Mýona we ýurduň ähli halkyna Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berip, bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Li Çže Mýona berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Koreýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Koreýa Respublikasynda Azat ediş güni 15-nji awgustda bellenilip, ýurduň esasy milli baýramçylyklarynyň biri hasaplanylýar. Ol 1945-nji ýylda ýapon koonial häkimiýetiniň tamamlanmagynyň hormatyna bellenilip geçilýär.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......