Kodak 133 ýyl işläninden soň bergileri sebäpli ýapylyp bilner

  • 15.08.2025 18:53
  • 5.3k+

133 ýyllyk taryhy bolan dünýäniň iň gadymy foto-kompaniýalarynyň biri – Eastman Kodak amerikan kompaniýasy bergiler sebäpli işini dowam etdirmeginiň näbellidigini aýtdy diýip, CNN habar berýär.

Girdejiler we ýitgiler baradaky täze hasabatda kompaniýa 500 mln dollar möçberde bergini üzmek üçin kepilli pulunyň ýa-da tiz satyp boljak aktiwleriniň ýokdugyny görkezdi. Kodak maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak üçin hatda pensiýa meýilnamasy boýunça tölegleri bes etmegi meýilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa eksport üçin gümrük paçlarynyň biznese uly täsir etmejekdigini, çünki kameralardan we syýalardan başlap, plýonka çenli esasy önümçiligiň ABŞ-dadygyny belledi.
Estman Kodak 1892-nji ýylda Roçesterde (Nýu-Ýork ştaty) esaslandyryldy we bir asyrdan gowrak wagt fotoplýonka, fotokamera we şuňa meňzeş materiallary öndürmekde dünýä lideri boldy. “Siz düwmäni basýarsyňyz – galan zady biz edýäris” şygary XX asyrda köpçülikleýin fotosuratlaryň nyşany boldy.
1990-njy ýyllaryň ahyryndan başlap, sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen kompaniýa biznes-modelini üýtgedip ýetişmändigi sebäpli öňdebaryjylygyny ýitirdi. 2012-nji ýylda Kodak batandygy barada arza berip, 2013-nji ýylda giň gerimde üýtgedip gurmak işini geçirdi. Soňra kompaniýa täze ugurlary ösdürmäge synanyşdy we 2018-nji ýylda Kodakcoin kriptowalýutasyny işe girizdi. 2020-nji ýylda farmasewtika bazaryna çykmak meýilnamalary barada aýtdy. Ýöne kompaniýa öňki ornuny yzyna gaýtaryp bilmedi.

düýn 17:02
2k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.1k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.1k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......