Döwrebaplaşdyrylan Nissan Teana-nyň dizaýny aýan edildi

  • 14.08.2025 16:48
  • 5.6k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat ministrliginiň maglumatlar bazasynda täzelenen Nissan Teana-nyň suratlary peýda boldy. Sohu portalynyň berýän maglumatlaryna görä, bu model täze dizaýny we Mercedes-Maybach stilinde kuzowy iki tonly boýag görnüşini aldy.

Suratlarda has ýaýbaň radiator gözenekli, burçlary üç çyzykly hem-de öňi we yzky garaňky optikaly ulag görünýär. Iki hili bezelen görnüşi bar: tutuş ak we garyşyk – çal kapotly, sütünli, üçekli we aýna jaýly, gara etekli. Arka tarapynda yşyklandyrylan Nissan ýazgyly mono çyra peýda boldy, bamperi has ykjamlaşdy we gaz çykaryjy  turbasy indi görünmeýär. Dizaýny elektrikli N7 stilinde ýerine ýetirilen.
Täzelenen Teana-nyň uzynlygy 4920 millimetr, bu häzirki wersiýasyndan 14 millimetr uzyn boldugydyr. Häzirki modeliň ölçegleri 4906 × 1850 × 1447 mm, teker bazasy 2825 mm.
Hytaýda Teana bilelikdäki Nissan-Dongfeng kärhanasy tarapyndan öndürilýär we X- tronic CVT bilen jübütlenen 243 at güýji bolan 2,0 litrlik turbo görnüşli benzinli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu hereketlendiriji täzelenen wersiýada hem saklanar. Şeýle hem, resminamalarda 144 at güýji bolan täze hereketlendiriji görkezilýär, ol häzirki 156 at güýji bolan asyl tebigy islegli hereketlendirijisinden pesräkdir.
Bilelikdäki kärhana entek ýakynda boljak täzelenmäni resmi taýdan yglan etmedi. Hytaýda häzirki Teanyň bahasy 179,8-239,8 müň ýuan (takmynan 24,8-32 müň dollar) aralygyndadyr.


08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.4k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.7k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....