Türkmen ilçisi Pakistanda maliýe-ykdysady pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

  • 14.08.2025 17:06
  • 3.7k+

11-nji awgustda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow ýurduň federal maliýe we girdejiler ministri, senator Muhammad Aurangzeb bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda taraplar maliýe we ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýete eýedigini nygtap, özara bähbitli taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşykda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge, söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, özara maýa goýumlary höweslendirmäge we işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berildi.


şu gün 18:54
268

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
430

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......