Audi RS6 Avant deslapky sargytlarda uly tolgunyşyk döretdi: Hemmeler benzinli V8-i almak isleýär

  • 15.08.2025 17:31
  • 6.8k+

2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda Audi modeliň tutuş taryhynda RS6 Avant üçin rekord mukdarda sargyt aldy. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, RS liniýasyna bolan isleg, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 41% ýokarlandy.

Bilermenler ulagyň häzirki nesliniň, gibrid görnüşlerine geçmezden ozal, dolulygyna benzin bilen işleýän V8 hereketlendirijili segmentdäki iň soňky modelleriň biri bolup galýandygyny, munuň bolsa alyjylary bu ulagy satyn almaga höweslendirýändigini bellediler.
Häzirki RS6  wersiýasy ýumşak gibrid tehnologiýasy bolan 4,0 litrlik V8 bilen enjamlaşdyrylan, ýöne onda çylşyrymly plug-gibrid ulgamlary ýok. Täze Mersedes-AMG E63 ýitip, BMW M5 Touring-iň gibrid gurnama geçmegi bilen, Audi uniwersaly sekiz silindrli hereketlendirijilileriň arasynda ýeke-täk V8 bolup galýar, bu bolsa däp bolan dinamikany muşdaklarynyň arasynda onuň gymmatyny ýokarlandyrýar.
Kompaniýa eýýäm gibrid güýç gurluşyny aljak C9-nyň täze neslini synagdan geçirýär. Öndüriji sport uniwersallarynyň model hatarynda galjakdygyny tassyklaýar.


13.03.2026 17:49
7.9k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...

20.02.2026 08:59
2.3k+

Audi meşhur dört halkasyz ilkinji krossowerini gyşky synaglara çykardy

Audi kompaniýasy Hytaýyň SAIC konserni bilen bilelikde döreden täze AUDI E7X krossoweriniň gyşky synag suratlaryny çap etdi. Bary-ýogy birnäçe aýyň içinde konseptual (taslama) modelden hakyky ýollarda synag edilýän wersiýasyna öwrülen bu ulag Audi-niň Hytaý bazaryndaky täze strategiýasyny aňladýar...

28.01.2026 13:50
2.2k+

Audi täzelenen A5 we Q5 modelleriniň içki bezeginde ýene adaty çözgütlere dolandy

Audi kompaniýasy ABŞ-da içki bezegi we elektron ulgamlary kämilleşdirilen 2026-njy ýylyň A5 we Q5 modellerini tanyşdyrdy. Bu gezek esasy üns dolandyryşyň oňaýlylygyna we hereket wagtynda sürüjiniň ünsüni sowýan faktorlary azaltmaga gönükdirildi...

18.01.2026 23:32
5.2k+

Hytaýda ilkinji gezek Huawei awtopilotly uzyn Audi A6L görkezildi

Täzelenen Audi A6L sedany Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy. Ol täze platforma, intellektual dolandyryş ulgamy we täzelenen hereketlendiriji düzümi bilen tapawutlanýar. Tehniki aýratynlyklar modeliň ilkinji görkezilişinde yglan edildi...