Blue Origin kosmos uçuşlary üçin tölegleri kriptowalýutada kabul edip başlady

  • 15.08.2025 18:46
  • 1.7k+

Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos tarapyndan döredilen we kosmos gözlegleri bilen meşgullanýan Blue Origin kompaniýasy kosmos uçuşlary üçin töleg hökmünde kriptowalýuta kabul edip başlady. Bu barada kompaniýanyň şeýle tölegleri amal etjek Shift4-den kripto-hyzmatdaşlary habar berdi.

Indi tölegi bitkoin, Ethereum we Solana, şeýle-de USDT we USDC steýblkoinleri arkaly amala aşyryp bolýar. Shift4 hasaplaşyklar üçin Metamask ýaly adaty kripto-gapjyklaryň hem laýyk geljekdigini belleýär.

“Biziň pikirimizçe, kriptowalýutalar we steýblkoinler sarp edijiler üçin, aýratynam, gymmat söwda amala aşyrylanda, tölegiň has giňden ýaýran usulyna öwrüler, çünki şeýle amallar maliýe nukdaýnazaryndan hem sarp edijiler, hem satyjy üçin amatly” – diýip, Shift4-üň kriptowalýuta bölüminiň ýolbaşçysy Aleks Uilson aýtdy.


09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

06.02.2026 09:27
2.6k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.3k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
2k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...