Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi.
Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr. Şol wagt biržanyň maglumatyna görä, bitkoiniň bahasy 126 199 dollara çenli gymmatlapdy.
Bitkoiniň kursy ýanwar aýynyň ortalaryndan bäri pese düşmegini dowam edýär.
Habar çap edilen pursadynda kriptowalýuta 64,9 müň dollar derejesinde söwdalaşylýar.
Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan
- şu gün 09:27
- 646