Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

  • 05.02.2026 18:27
  • 4.3k+

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär.
CoinGecko-nyň maglumatlaryna görä, sişenbe güni bitkoiniň hümmeti 72 877 dollara çenli aşak düşdi, bu bolsa soňky 15 aýda iň pes görkeziji boldy. Bu Donald Trampyň 2024-nji ýylyň noýabrynda ABŞ-nyň prezidentligine gaýtadan saýlanan pursatyndan bäri iň pes derejedir. Ýylyň başyndan bäri nyrhlar 13% peseldi, 2025-nji ýylyň oktýabryndaky 126 000 dollardan geçen taryhy iň ýokary görkeziji bilen deňeşdirilende bolsa, pese gaçyş 39%-e ýetdi. Çarşenbe güni Aziýa biržalarynda bitkoin 76 200 dollara çenli birneme dikeldi, emma analitikler bazardaky ýagdaýy «çendenaşa gorky» hökmünde häsiýetlendirýär.
Aktiwleriň köpçülikleýin satylmagy geosyýasy dartgynlylygyň ýitileşýän döwründe bolup geçýär. Kriptowalýutalardan tapawutlylykda, adaty gorag aktiwleri bolan altyn we kümüş sarp edijileriň goldawyny aldy.
Maýadar Maýkl Býurri bolup geçýän wakalaryň bitkoiniň spekulýatiw häsiýetini we kesgitsizlik şertlerinde ätiýaçlandyryş guraly hökmünde hyzmat edip bilmeýändigini görkezendigini aýdýar. Galaxy Digital-yň ýolbaşçysy Maýkl Nowogras bazardaky psihologik öwrülişigi belläp geçdi: «Mundan ozal bitkoini her nähili ýagdaý bolanda-da saklamalydygy barada ynam bardy. Emma nähilidir bir ýagdaý bilen bu ynam gowşady we biz hakyky satuwlary gördük».
Hünärmenleriň bellemegine görä, Aziýadaky we ABŞ-daky maýadarlar nyrhlaryň has-da pese düşmeginden çekinip, häzirlikçe garaşmak ýoluny saýlaýar.


şu gün 15:08
525

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

şu gün 12:22
1.3k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

şu gün 12:11
5.3k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

düýn 18:11
4.8k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......