Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

  • 30.11.2025 09:16
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Kanun Türkmenistanda wirtual aktiwleriň döredilmegi, goýberilmegi, saklanylmagy, ýerleşdirilmegi, ulanylmagy we dolanyşygy babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de olaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kriptowalýutalar ýurduň çäginde töleg serişdesi ýa-da walýuta hökmünde ykrar edilmez, ýöne raýat hukugynyň obýekti hökmünde hereket edip biler.
Maýning işine iki görnüşde rugsat berilýär: hususy telekeçiler we ýuridik şahslar üçin. Ähli maýnerler Merkezi bankda elektron görnüşde hökmany döwlet hasaba alyş sanawyna girmäge borçludyrlar. Olara şahadatnama möhletsiz berilýär.
Hasaba alynmak üçin eýeçiliginde maýning enjamlarynyň bolmagy, maýningiň netijesinde alnan wirtual aktiwleri ýygnamak üçin hereket edýän wirtual aktiw gapjygynyň bolmagy, ýangyn, sanitariýa we tehniki howpsuzlygyň talaplarynyň göz öňünde tutulmagy bilen, maýning enjamlaryny gurnamak üçin niýetlenen jaýlaryň elektrik üpjünçilik ulgamynyň tehniki abatlygynyň we hil taýdan talabalaýyk bolmagynyň üpjün edilmegi zerurdyr. Başga adamlaryň hasaplaýyş mümkinçiliklerini ulanyp gizlin maýningi amala aşyrmak düýbünden gadagandyr.
Kriptowalýuta biržalary we wirtual aktiwler bilen bagly hyzmatlaryny üpjün edijiler Merkezi bankdan berlen ygtyýarnamalar esasynda iş alyp bararlar. Müşderiler üçin kriptogapjyklary açmak diňe puluň gizlin dolanyşygyna garşy göreş kanunlaryna laýyklykda doly şahsyýeti anyklanylandan soň mümkin bolar.
Döwlet wirtual aktiwleriň gymmatynyň peselmegi ýa-da ýitmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......