Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

  • 01.02.2026 11:29
  • 1.9k+

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar.

Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar.
Kripto bazaryndaky "Howatyrlanma we husytlyk indeksi" (Fear and Greed Index) 100 baldan bary-ýogy 20 bala düşdi. Bu "adatdan daşary gorky" (Extreme Fear) zolagydyr. Şeýle ýagdaý maýadarlaryň arasynda uly aladanyň bardygyny we olaryň kriptowalýutalaryny satmaga meýillidigini görkezýär.
2025-nji ýylyň ahyry we 2026-njy ýylyň başy kriptowalýuta bazary üçin örän durnuksyz döwür boldy: oktýabr aýynyň ortalarynda bazaryň umumy kapitallaşmasy taryhy rekordyna — 4,25 trillion dollara ýetipdi. Häzirki wagtda bazaryň umumy bahasy 3 trillion dollara çenli peseldi.
Ýatlap geçsek, geçen ýylyň oktýabr aýynda bitkoin özüniň iň ýokary taryhy bahasyny — 126 000 dollary täzeläpdi. Ondan soňra baha 85 000–92 000 dollar aralygyna çenli aşaklady we birnäçe aýlap şol çäklerde saklanyp gelýärdi.


06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...

05.11.2025 12:02
4.4k+

Bitkoiniň bahasy 100 müň dollardan aşak düşdi

5-nji noýabrda söwdalaşyklaryň barşynda bitkoin kriptowalýutasynyň bahasy 100 müň dollardan aşak düşdi. Muňa Binance kriptobiržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Gije Aşgabat wagty bilen 01:18-de esasy kriptowalýutanyň bahasy 99600 dollar çenli düşdi...