«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazana we Jidda howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

  • 14.08.2025 16:55
  • 12k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 26-njy oktýabrdan başlap Kazan (Tatarystan Respublikasy, RF) we Jidda (Saud Arabystany) şäherlerine göni howa gatnawlarynyň sanyny artdyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi sahypasynda ýerleşdirilen täze tertipde bellenilýär.

Kazan ugruna uçuşlaryň ýygylygy hepdelik 2-den 4-e çenli artar. Uçuşlar sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.
Jidda ugruna-da goşmaça uçuşlar giriziler: olaryň sany hepdede 3 gezege çykarylar. Uçarlar sişenbe, çarşenbe we anna günleri gatnar.
Awiakompaniýanyň saýtynda täze gatnawlaryň tertibinde uçuşlaryň takyk wagty görkezilýär we bilet bron etmek mümkinçiligi bar.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....