«Ýaňlan, Diýarym! ― 2025» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyrynyň ýeňijisi belli boldy

  • 15.08.2025 19:20
  • 9.8k+

13-nji awgustda Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Ýaňlan, Diýarym! ― 2025» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyrynyň ýeňijisini saýlamak boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige 10 aýdymçy gatnaşdy.

 

Bäsleşikli ýollary geçen ýaş zehinler welaýat tapgyrynyň ýeňijisi bolmak üçin yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmadylar. Olar öz çykyşlarynda halkymyzyň baý aýdym-saz hazynasyny döwrebap sahna öwüşginleri bilen utgaşdyryp, türkmen sungatynyň beýik ýörelgelerini dowam etdirdiler. Eminler ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna, sahnada özüni alyp barşyna, aýdymlaryň sözüniň dogry we täsirli aýdylyşyna aýratyn üns berdiler. Aýdymçylar watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleri wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Käbir çykyşlarda dessanlarymyzdan, nusgawy we döwürdeş şahyrlarymyzyň döredijiliginden, şeýle hem halk arasynda meşhur bolan aýdymlar ýaňlandy.
Eminleriň gelen netijesine laýyklykda, Darganata etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Durdymyrat Abdullaýew we Saýat etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Resul Guwanjow ýeňiji diýlip yglan edildi. Netijede, olar bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Ýeňijilere hem-de beýleki gatnaşanlara dabaraly ýagdaýda gül desseleri, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


şu gün 00:03
1.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......