Toyota ähli görnüşdäki ulaglary üçin benzinli hereketlendirijileriniň täze neslini döredýär

  • 15.08.2025 18:44
  • 10k+

Toyota dürli görnüşli awtomobiller üçin laýyk gelýän täze nesil benzin hereketlendirijilerini taýýarlaýar. Hereketlendirijiler hem adaty içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri bolan awtomobillerde, gibridlerde (HEV), birikdirilýän gibridlerde (PHEV), ýol ätiýaçlygy artdyrylan elektromobillerde (EREV), şeýle-de, bioýangyçda, e-fuels-de we wodorodda işleýän ulaglarda ulanmak üçin döredilýär.

Kompaniýanyň meýilnamalary barada Toyota Europe-niň strategiýa we marketing boýunça wise-prezidenti Andrea Karluççi habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, täze hatar 1,5 litrlik dört silindrli atmosfera we turbo hereketlendirijilerini, şeýle-de 2,0 litrlik turbo enjamyny öz içine alar. Bu hereketlendirijiler ykjam, tygşytly we has kuwwatly bolar.
2024-nji ýylyň maýynda belli bolan Subaru we Mazda bilen hyzmatdaşlyk umumy tehnologiýalaryň we maksatlaryň esasynda her bir markanyň hereketlendirijileriň hususy wersiýalaryny döretmegini göz öňünde tutýar.
Kompaniýa EREV segmentine aýratyn üns berýär. Munda benzin hereketlendirijisi diňe batareýa zarýad bermek üçin generator hökmünde işleýär. GAC bilen hyzmatdaşlykda Toyota şeýle modelleri hytaý bazary, şol sanda Highlander we Sienna üçin çykarmagy meýilleşdirýär.
Köp öndürijiler içinden ýandyrylýan hereketlendiriji platformalaryny elektromobillere görä sazlamak ýoluny saýlady. Biz muny tersine etmegi – elektromobil üçin platforma taýýarlap, ony artykmaçlygyny ýitirmezden gibridler ýa-da PHEV üçin ýaramly etmegi teklip edýäris diýip, Andrea Karluççi belledi.
Kompaniýanyň prezidenti Akio Toýoda elektromobilleriň dünýä bazarynyň 30%-inden köp eýelemejekdigini, tehnologiýalaryň köpdürlüliginiň bolsa içinden ýandyrylýan hereketlendirijileriň ýene uzak wagtlap ýörgünli bolmagyna mümkinçilik berjekdigini aýdýar.


düýn 21:15
2.3k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....