Montereýdäki Autoulag hepdeliginde Demir adamyň rodsteri görkeziler

  • 14.08.2025 17:59
  • 5.7k+

15-nji awgustda Montereýdäki Awtoulag hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän The Quail: A Motorsports Gathering çäresinde on ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek Acura NSX Roadster-i görkeziler. Bu awtoulag 2012-nji ýyldaky “Ar alyjylar” filmi üçin  ýeke-täk nusgada çykarylyp, ony Toni Stark (Demir adam) sürdi.

Awtoulag Los-Anjelesdäki Acura Design Studio-da dizaýn edildi we Kaliforniýanyň Oksnard şäherindäki Trans FX ussahanasynda ýygnaldy. Esas edilip 1991-nji ýylda çykan, 400 000 kilometrden gowrak ýol geçen Acura NSX alyndy.
Rodster aýna plastikden we gara şepbikden elde ýasalan kuzowy, 18 dýuýmlyk asyl diskleri we oturgyçlary aldy. Ulagda Stark 33 diýlip ýazylan kinematografiki tapawutlandyryş belgisi saklanyp galdy.
Acura rodsteri 2026-njy ýylda auksiona çykarmak we ondan gelen serişdäni bolsa haýyr-sahawat gaznasyna geçirmek isleýär.
The Quail: A Motorsports Gathering-iň çäklerinde Acura NSX-iň 35 ýyllygy bellener. Şeýle hem myhmanlara NSX-R 1995, NSX Zanardi Edition 1999 we markanyň geljekdäki elektrik ulagynyň mümkin bolan dizaýnyny öňünden görkezýän täze Acura RSX konsept-kary görkeziler.

düýn 21:15
2.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
2.6k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
4.8k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....