La Liganyň başlygy “Barselona” barada maliýe maglumatlaryny aýan edendigi üçin işden çykarylyp bilner

  • 16.08.2025 00:03
  • 8.4k+

La Liganyň prezidenti Hawýer Tebas “Barselona” futbol kluby barada gizlin maglumatlary aýan etmekde aýyplamalardan soň wezipeden aýrylyp bilner. Bu barada AS gazeti habar berýär.

Ispaniýanyň Demokratiýa we sport aç-açanlygy assosiasiýasynyň başlygy Migel Anhel Galan Ýokary sport geňeşine (CSD) 50 sahypalyk resminama berip, onda Tebasyň bäş düzgün bozma ýol berendigini nygtady. Şikaýatyň Administratiw sport kazyýetine (TAD) geçiriljekdigini ýa-da ýokdugyny CSD çözer.
Aprel aýynda La Liganyň saýtynda “Barselonanyň” maliýe fair play düzgünlerini bozandygy barada hasabat ýerleşdirildi. Ýanwar aýynda klub özüniň durky täzelenýän “Kamp Nou” stadionynda 475 sany VIP orny satdy, bu hem futbolçylar Dani Olmo bilen Pau Wiktory hasaba almaga mümkinçilik berdi. Ýöne alnan serişdeler bellenilen möhletde toparyň hasabyna gelip gowuşmady we hasabat neşir edilen wagty klubuň täze oýunçylary hasaba almak üçin oňyn deňagramlylygy ýokdy. Soňra “Barselona” “jikme-jik maliýe maglumatynyň yglan edilmegine” nägilelik bildirdi.
Şeýle-de, Migel Anhel Galan Bilbaodan “Atletik” klubunyň ýolbaşçylygy bilen duşuşandygy üçin Tebasy tankytlady. Winger Niko Uilýams “Barselonanyň” transfer maksatlarynyň biridi, ýöne iýul aýynda futbolçy duýdansyz bask kluby bilen 2035-nji ýyla çenli şertnamany uzaltdy. Marca gazeti transferiň katalon kluby tarapyndan oýunçynyň hasaba alynmagyna kepilligiň ýokdugy sebäpli başa barmandygyny ýazdy. Käbir çeşmeler oýunçynyň çözgüdine Tebasyň täsir edip bilendigini öňe sürýär.
La Liga Migel Anhel Galan tarapyndan berlen şikaýata teswir bermekden ýüz öwürdi diýip, AS ýazýar.


düýn 15:42
5.8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......